Birleşen Arap Emirlikleriniň Kosmos agentligi 2028-nji ýylyň mart aýynda Mars we Ýupiter orbitalarynyň arasynda ýerleşýän esasy asteroidler zolagyna MBR Explorer planetara awtomatik stansiýasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu barada interfax.ru habar berýär. “MBR Explorer-iň uçurylyşy 2028-nji ýyla meýilleşdirilen, zond asteroidler zolagyna tarap olardan ýedisini öwrenmek üçin özüniň ýedi ýyllyk ýoluna başlar” – diýip, agentlik sosial ulgamlarynda habar berdi. Missiýanyň esasy maksady geljekde dowamly synag missiýalaryny goldamak üçin asteroidlerde çig mal almak mümkinçiligine baha bermekden, esasy zolagyň asteroidleriniň häsiýetlerini, şol sanda gelip çykyşyny, emele gelşini we ewolýusiýasyny öwrenmekden hem-de Gün ulgamynyň nähili emele gelendigi baradaky bilimleri artdyrmakdan ybaratdyr. Kosmos edarasynyň maglumatlaryna görä, zond ýedi asteroidiň üstündäki uçuşyny olardan 150 km çenli uzaklykda amala aşyrar.