Aktýor Kianu Riwz öz Dogstar topary bilen soňky 20 ýylda ilkinji konsertini berdi. Sazandalar BootleRock festiwalynda çykyş etdiler. Bu barada “Rolling Stone” ýazýar diýip, thecity.m24.ru habar berýär. Konsertden birnäçe wideo Internet torunda-da peýda boldy. Riwzden, deprekçi we aktýor Robert Meýlhauzdan we wokalçy-gitaraçy Bret Domrouzdan düzülen topar Kaliforniýada geçirilen BootleRock festiwalynda 12 kompozisiýa ýerine ýetirdi. “Men bilelikde oýnamagy küýsedim, bilelikde aýdym ýazmagy we çykyş etmegi küýsedim. Bu hemişe maňa ýetmeýän zatdy” – diýip, aktýor Kianu Riwz belledi. Dogstar topary 1991-nji ýylda peýda bolup, on ýyldan gowrak wagt hereket etdi, bu döwürde sazandalar iki albom çykardylar. Kianu Riwz toparda basa we bek-wokala jogapkärdi.