2023-nji ýylyň sentýabr aýynda «Soýuz MS-24» kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna ugrajak rus kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bir ýyly şol ýerde geçirer, bu bolsa Kononenkonyň taryhda 1000 günden gowrak wagty orbitada geçiren ilkinji adam bolmagyna mümkinçilik berer. Bu barada žurnalistlere «Roskosmosyň» metbugat gullugynda aýtdylar. "70-nji we 71-nji uzak möhletli ekspedisiýalaryň esasy toparyna "Roskosmosyň" kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Loral O'Hara girýär. Olar 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda “Soýuz MS-24” kosmos gämisinde HKS-a ugrarlar" diýip, habarda aýdylýar. Makullanan meýilnama laýyklykda, O'Haranyň 2024-nji ýylyň martynda "Soýuz MS-24" kosmiki gämisinde Ýere gaýdyp geljekdigi, Kononenko bilen Çubuň bolsa 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli stansiýada galyp, “Soýuz MS-25” kosmos gämisinde yzyna gaýdyp geljekdikleri bellendi. “Roskosmos”: "Şeýlelik bilen, Kononenko we Çub HKS-da bir ýyllap uçuş etmeli bolarlar" - diýdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir