Hytaýyň «Şençžou-16» kosmos gämisi uçurylandan soň, bir wagtyň özünde Ýeriň orbitasynda bolýan adamlaryň sany 17-ä ýetdi. Bu täze rekord bolup durýar. Öňki rekord 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda goýlupdy. Şonda orbitada 14 adam ýygnanypdy: iki russiýaly, üç amerikaly, HKS-de bir ýapon we bir fransuz, Şençžou-12 kosmos gämisinde Hytaýdan üç kosmonawt we Crew Dragon kosmos gämisinde hususy missiýanyň çäginde ABŞ-nyň dört raýaty. Ondan öňki rekord çärýek asyrlap saklanypdy. 1995-nji ýylyň mart aýynda 13 adam bir wagtyň özünde orbitada bolupdy: Russiýanyň “Mir” stansiýasynda alty kosmonawt, ýedi adam Amerikanyň “Indewor” kosmos gämisinde.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir