Azyk önümlerini öndürýän Mars öz meşhur şokoladlary üçin plastmassa derek kagyz gaplamalaryny ulanyp başlar. Mars Incorporated bu maglumatlary Metro neşirine tassyklady. ompaniýa gaplamalaryň ekologiýa taýdan arassa boljakdygyny nygtaýar. Häzir bar bolan ähli mümkinçilikler öwrenilýär, ýöne Amerikanyň Tesco dükanlarynyň zynjyryndaky müşderiler üçin kagyz bilen örtülen şokoladlaryň synag toplumy eýýäm elýeter. Marsyň plastmassanyň üçden bir bölegini azaltmak üçin ýüzlerçe million funt maýa goýýandygy bellendi. Mesele MARS batonjyklary üçin dogry çözgüt tapmakda: önümiň azyklyk howpsuzlygyny, hilini we bitewüligini kepillendirip, şokoladyň goraglylygyny üpjün edip biljek dogry derejeli gaýym kagyz gaplamasy. Gaplamanyň ýüzünde gaplamany dogry ýok etmäge çagyrýan nyşan bar. Synagyň netijesi durnukly gaplama strategiýasyny has anyk görkezer. Mars kompaniýasynyň Bounty, Milky Way, Snickers, Twix, M & M we ş.m. brendleri bar.