Dubaýyň Ýol we ulag edarasy (RTA) emirlikdäki ähli jemgyýetçilik ulaglarynyň 2050-nji ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagyny göz öňünde tutýan strategiýany kabul etdi. RTA-nyň habar berşi ýaly, strategiýa kömürturşy gazy zyňyndylaryny 10 mln tonna azaltmaga we häzirki görkezijiler bilen deňeşdirilende tas $9 mln tygşytlamaga mümkinçilik berer diýip, TASS belleýär. RTA-nyň strategiýasy 2030-njy ýyla çenli şäher awtobuslarynyň 10%-ini elektrik ýa-da wodorod hereketlendirijilerine geçirmegi göz öňünde tutýar. Soňra Dubaýyň häkimiýetleri 2045-nji ýyla çenli parkyň 80%-iniň ekologiýa taýdan arassa energiýa bilen işlemegi üçin her bäş ýyldan şeýle awtobuslaryň paýyny iki esse artdyrmak isleýärler. 2050-nji ýyla çenli Dubaýdaky awtobuslar bug gazlaryny işläp çykarmazlar diýlip meýilleşdirilýär. Şeýle-de, RTA 2050-nji ýyla çenli ähli mekdep awtobuslaryny, taksileri we limuzinleri ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerine geçirmekçi bolýar. Mundan başga-da, Dubaýyň häkimiýetleri 2030-njy ýyla çenli RTA-nyň binalarynyň we beýleki desgalarynyň 74%-ini, 2035-nji ýyla çenli 83%-ini, 2045-nji ýyla çenli 100%-ini Gün batareýalary bilen üpjün etmegi meýilleşdirýärler. 2030-njy ýyla çenli emirlikdäki ähli hojalyk galyndylaryny hem gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar, ýagny zibiller zir-zibil dökülýän ýere äkidilmez. Ýatlap geçsek, 2021-nji ýylda BAE 2050-nji ýyla çenli uglerod bitaraplygyny gazanmagy maksat edinýän Net Zero 2050 strategiki başlangyjyny öňe sürdi. Ol ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmelerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli ýagdaýa görä, BAE 15 ýylda şeýle taslamalara 40 mlrd dollardan gowrak maýa goýdy. Şeýle-de, şu ýyl Dubaýda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji konferensiýasy geçiriler.