Foot Mercato neşiriniň habar berşi ýaly, ýakynda ispaniýaly tälimçi Rudi Garsiýa bilen aýrylyşan “Al-Nasr” klubunyň ýolbaşçylygy Madridiň “Realynyň” öňki tälimçisi we taryhyň iň gowy futbolçylaryndan biri Zinedin Zidana rekord teklibi – jemi 150 mln dollara 2 ýyllyk şertnama hödürledi. Eger Zidan bu şertnama gol çekmäge razy bolan bolsa, onda futbol taryhynda iň ýokary hak alýan tälimçi bolardy. Muňa garamazdan, neşiriň maglumatlaryna görä, fransiýaly hünärmen Saud Arabystanyndan gelen teklipden ýüz öwürdi diýip, forbes.kz ýazýar. Foot Mercato-nyň çeşmeleriniň nygtaýşy ýaly, Zidan öňdebaryjy bäş ýewropa çempionatynda (Angliýa, Ispaniýa, Germaniýa, Italiýa we Fransiýa) çykyş edýän klublaryň birinde tälimçilik karýerasyna dolanyp barmagy göz öňünde tutýar. Zinedin Zidan taryhda yzygider üç gezek Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmagy başaran ilkinji tälimçi boldy. 2015-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda Madridiň “Realynyň” baş tälimçisi wezipesinde ol iki Ispaniýanyň çempionatynda, iki Ispaniýanyň Super kubogynda, iki UEFA-nyň Super kubogynda we iki Klublaýyn dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. Oýunçy hökmünde Zinedin Zidan Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen dünýä we Ýewropa çempionatlaryny utdy we üç gezek dünýäniň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir