Fransiýanyň paýtagtynyň häkimi Ann Idalgo 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlary wagtynda şäherde bir gezeklik plastik önümleriniň ulanylmagyny gadagan etmegi wada berdi. Çäklendirme plastik çüýşelere, bulgurlara we beýleki predmetlere degişli bolar. Bu barada plus-one.ru habar berýär. “Biz Olimpiýa oýunlaryny bir gezeklik plastik ýok bolan ilkinji uly waka etmek kararyna geldik” – diýip, Parižiň häkimi Halkara häkimler forumynyň plastik hapalanma garşy metbugat konferensiýasynda aýtdy. Hususan-da, geljek ýyl Pariždäki Olimpiýa meýdançalaryna plastik çüýşeleri bolan myhmanlar goýberilmez. Çärelerde içgiler ýörite awtomatlar arkaly çüýşe gaplarda satylar. Olimpiýa marafony wagtynda gatnaşyjylara suw köp gezeklik bulgurlarda hödürlener. Parižiň häkiminiň beýanynda plastik galyndylary sebäpli her ýyl 14 müň süýdemdirijiniň we 1,4 mln deňiz guşunyň ölýändigi bellenilip geçilýär. Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny guraýjylar 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda we 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiada bilen deňeşdirilende kömürturşy gazy zyňyndylaryny iki esse azaltmak isleýändiklerini aýtdylar.