Fransiýanyň Gök kenarynda bolan 76-njy Kann kinofestiwalynyň çäklerinde söwda geçirildi. Bu haýyr-sahawat auksiony bolup, ähli girdejiler adamyň immunitet ýetmezçiligi wirusy bolan adamlara kömek üçin iberiler diýip, thecity.m24.ru belleýär. Häzirki zamanyň iňlis suratkeşi Demien Herst tarapyndan döredilen Leonardo DiKaprionyň portreti üçin 1,3 mln dollar goýuldy. Auksion başlamazdan ozal anyklanylyşy ýaly, söwdadan öň surat şahsy kolleksiýa degişlidi. Indi oňa kolleksioner Kristian Lewett eýeçilik edýär. DiKaprionyň özi hem auksiona gatnaşdy. Auksionda beýleki lotlar hem satyldy. Iň köp mukdar – 1,6 mln dollar sargyda döredilen Aston Martin-e goýuldy. Demien Herst barada aýdylanda, ol häzirki zamanyň iň gymmat suratkeşleriniň onlugyna girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir