2023-nji ýylyň birinji çärýeginde Tesla Model Y elektromobili ähli awtoulaglaryň arasynda dünýäde iň köp satylan model boldy. Bu barada “The Verge” neşiri habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Maglumatlara görä, ilkinji üç aýda Tesla dünýäde 267 müň Model Y satdy, bu bolsa geçen ýylyň başyndaky satuwdan 69% köpdür. Ikinji orunda 256,4 müň birlik görkezijisi bilen Toyota Corolla ýerleşýär. Liderleriň üçlügini 214,7 müň awtoulag tiražy bilen satylan Toyota Hilux jemleýär. Şeýle-de, öňdebaryjylaryň bäşligine Toyota RAV4 (211 müň birlik) we Toyota Camry (166,2 müň birlik) girdi. Şeýlelik bilen, Toyota Volkswagen, General Motors we Ford bilen bir hatarda dünýäde iň öndürijilikli awtoöndürijileriň biri bolmagynda galýar. Neşir Model Y-nyň beren netijesiniň Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň çaklamasyny tassyklaýandygyny belleýär. Heniz 2016-njy ýylda ol bu modeliň ýylda 500 müňden 1 milliona çenli tiraž bilen satyljakdygyny aýdypdy.