Amerikaly ýeňil atletikaçy Raýan Krauzer ýekşenbe gününe geçilýän gije ýadro zyňmakda dünýä rekordyny goýdy. Üstünlik Halkara ýeňil atletika federasiýalarynyň assosiasiýasynyň Los-Anjelesde geçirilen kontinental tapgyrynda gazanyldy. Bu barada TASS habar berýär. Krauzer 23,56 metr netijäni görkezdi. Öňki dünýä rekordy (23,37) hem oňa degişli bolup, ony 2021-nji ýylda goýupdy. 2023-nji ýylyň fewral aýynda Krauzer 23,38 metr netijäni görkezip, ýapyk binada dünýä rekordyny goýdy. Krauzer 30 ýaşynda, ol Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek ýeňijisidir. Şeýle-de, amerikaly türgen 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy we 2019-njy ýylda ýaryşyň kümüş medalyny gazandy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir