“Red Bull-yň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň ýedinji tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş Werstappen üçin “Formula-1-de” 39-njy boldy. “Red Bull” üçin ýeňişleri boýunça ol dört gezek dünýä çempiony germaniýaly Sebastýan Fettelden (38) öňe geçdi. Ýaryşda ikinji orny “Aston Martinden” Fernando Alonso eýeledi. Ispaniýaly türgen üçin bu görkeziji häzirki möwsümde iň gowusy boldy. Karýerasynda üçünji gezek fransiýaly Esteban Okon (“Alpin”) münbere çykdy, ol üçünji orny eýeledi. Şeýle-de, ilkinji onlukda şular bar: 4. Lýuis Hemilton (“Mersedes”); 5. Jorj Rassel (“Mersedes”); 6. Şarl Lekler (“Ferrari”); 7. Pýer Gasli (“Alpin”); 8. Karlos Saýns (“Ferrari”); 9. Lando Norris (“Maklaren”); 10. Oskar Piastri (“Maklaren”). Werstappeniň hasabynda 144 utuk bar, onuň yzyndan topardaşy meksikaly Serhio Peres gelýär (105). Umumy sanawda üçünji orny “Aston Martinden” ispaniýaly Fernando Alonso (93) eýeleýär.