Lionsgate studiýasy bäşinji «Jon Uiki» işläp taýýarlamagyň irki tapgyryna girişdi. Bu barada kompaniýanyň başlygy Jo Dreýk ýakynda geçirilen ýygnakda habar berdi. “Bäş filmden ybarat seriýa düýpli – gürrüň beren wakalarymyzyň hilinden esas alyp öser. Siz Jon Uikiň tanyş depginine bil baglap bilersiňiz" — diýdi. Kianu Riwziň keşbine gaýdyp geljekdigi ýa-da gelmejekdigi barada Dreýk anyk maglumat bermedi. Şeýle hem, ol 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ana de Armasyň oýnamagynda «Ballerina» spin-off baradaky meýilnamasyny tassyklady. Bu güýzde «Uikiň» muşdaklary Mel Gibsonyň baş keşbi janlandyrmagynda «Kontinental» spin-off serialyny tele ekranlarda görüp bilerler. Geçen hepde «Jon Uik» franşizasy resmi taýdan dünýäniň kassa ýygymynda milliarder boldy. Mart aýynda çykan we diňe 429 million dollar gazanan dördünji bölümiň üstünligi muny tizleşdirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir