Onunjy bölümiň üstünlikli bat almagy netijesinde «Forsaž» kinoseriýasynyň kassa ýygymy dünýäde resmi taýdan 7 milliard dollardan geçdi. Ondan öň agzalan möçbere “Ýyldyz söweşleri”, “Garri Potter” kinofranşizalary, “Bondiana” filmleri we “Marvel” kino älemi ýetipdi. Umuman alanyňda, «Forsaž» 11 film üçin (“Hobbs & Shaw” spin-offyny goşmak bilen) 7,03 milliard dollar gazandy. Iň köp girdeji gazanan film Pol Uokeriň (1,52 milliard dollar) soňky keşbinde oýnan “Forsaž 7” filmi hasaplanýar. Onunjy “Forsaž” geçen hepde çykdy we dünýäde 388 million dollar gazanmagy başardy.