«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýýäm ikinji ýyl bäri hiç hili baýrak gazanyp bilmedi. «Al-Nasr» «Al-Ittihad» bilen deňme-deň oýnap, Saud Arabystanynyň çempionatynda ýeňiş gazanmak üçin ähli mümkinçiliklerini elden gidirdi. «Al-Ittihad» 69 utuk bilen Saud Arabystanynyň çempionatynyň birinji ornunda ýerleşýär. Ikinji ýerde barýan «Al-Nasr» 64 utuga eýe. Möwsümiň gutarmagyna bir oýun galdy. Soňky gezek Kriştianu Ronaldu 2021-nji ýylyň maýynda ýeňiş gazanypdy. Şonda ol «Ýuwentus» bilen Italiýanyň Kubogyny aldy. Ronaldu karýerasynda ilkinji gezek yzly-yzyna iki ýyl baýraksyz galdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir