Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutlarynyň 4 ýyl talyby Serdar Rahymow «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna mynasyp boldy. Ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ylmy-bilim edaralarynyň arasynda bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň eminleri Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň talybynyň GDA-nyň çäklerinde bilimi, ylmy, sungaty we sporty ösdürmeklige goşandyna baha berdiler. Serdar Rahymow I derejeli diploma, şeýle hem «GDA-nyň iň gowy talyby» medalyna mynasyp boldy. «Ýylyň iň gowy talyby» taslamasy Gazagystanyň Bilim we ylym ministrliginiň goldaw bermeginde Ýaş alymlaryň halkara assosiasiýasy hem-de «Bobek» jemgyýetçilik hereketi» assosiasiýalarynyň görnüşinde ýuridiki şahslaryň birleşigi tarapyndan guraldy. Bäsleşige Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň we Russiýanyň wekilleri gatnaşdy. 2022-nji ýylda Serdar Rahymow «GDA-yň iň gowy ýaş alymy» diýlip yglan edildi. Ol şeýle hem Türkmenistanda geçirilen ýaş alymlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň hem ýeňijisidir. Häzirki wagtda Rahymow bugdaý samanyndan bir gezeklik biodargaýan gaplary döretmek bilen meşgullanýar.