«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand häzirki möwsümde Angliýanyň premýer-ligasynyň (APL) iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Bu barada ýaryşyň resmi Twitterine salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. oland Angliýada ilkinji möwsümini geçirip, “Siti” üçin ýurduň çempionatynyň 35 oýnunda 36 gol saldy. Umuman alanyňda, Holandyň hasabynda topar üçin 51 oýunda 52 gol bar. Baýrak ugrundaky göreşde norwegiýaly oýunçy topardaşy belgiýaly Kewin de Brýoýneden, Londonyň “Arsenalynyň” oýunçylary Bukaýo Sakudan we Martin Edegordan, “Nýukasl Ýunaýtedden” Kiran Tripperden, “Tottenhem Hotspurdan” Garri Keýnden we “Mançester Ýunaýtedden” Markus Reşforddan öňe geçdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir