Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda taryhy ýeňiş gazandy. Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň ýüz ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Ärdogan geljek bäş ýyl üçin prezident saýlandy. Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna görä, Ärdogan sesleriň 99,43%-i işlenenden soň, 52,15% ses aldy. Onuň garşydaşy — oppozisiýadan Kemal Kylyçdaroglu 47,86% ses aldy. Anatoliýa agentliginiň maglumatlaryna görä, ýene-de 400 müň töweregi sesler işlenilmeli. Emma olaryň netijeleri ahyrky netijä düýpli täsir edip bilmez. Prezident saýlawlarynyň, şeýle hem 14-nji maýda geçen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerini Merkezi saýlaw topary 1-nji iýunda yglan etmegi meýilleşdirýär. 69 ýaşly Ärdogan üçin bu prezinden wezipesinde üçünji möhlet bolup durýar. Ondan öň ol 2014-nji, 2018-nji ýylda prezident saýlanypdy.