Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» rus çeper filmi The Numbers portaly tarapyndan düzülen şu ýylyň iň girdejili filmleriniň dünýä reýtinginde 20-nji orunda ýerleşdi. Şol bir wagtyň özünde Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly kosmiki dramasy reýtingiň 49-njy setirini eýeledi diýip, vm.ru belleýär. 12-nji maýa çenli ýagdaýa görä, erteki gahrymany baradaky kinokartina prokatda 86 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Dýaçenkonyň döredijiligi amerikaly aktýor we režissýor Ben Afflekiň “Air: uly böküş” filminden öňe geçdi. Iň soňky 49-njy setirde dünýäde käbir ýerleri kosmosda, Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürilen ilkinji film bolan “Çagyryş” ýerleşdi. Portalyň maglumatlaryna görä, Klim Şipenkonyň lentasy 10,5 mln dollar gazandy, şol bir wagtyň özünde kosmiki dramanyň prokaty häzirki wagtda dowam edýär. Reýtingiň lideri kult wideo oýnuna esaslanan “Doganlar Super Mario kinoda” multfilmi boldy. Prokatda bolan döwri multfilm 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanyp ýetişdi diýlip, makalada bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir