Nýu-Ýorkuň şäher geňeşi agram we boý bilen bagly kemsitmäni gadagan edýän kanuny kabul etdi. Bu barada CNN teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär. Onuň maglumatlaryna görä, kanun ýaşaýyş jaýy gözlenende, işe ýerleşilende we jemgyýetçilik ýerlerinde şeýle kemsitmäni gadagan edýär. Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, Amerikanyň diňe alty şäherinde we bir ştatynda şeýle kanun bar. “Bu diňe bir iş ýerinde ýa-da ýaşaýyş jaýy gözlenende adamlary goramak däl-de, eýsem, medeniýetiň üýtgemegidir” – diýip, kanun taslamasynyň awtory Şon Abreu belledi. Onuň aýtmagyna görä, ol özüniň hem kemsitmä sezewar bolandygy üçin kanun taslamasynyň inisiatory boldy. Teleýaýlym ABŞ-da agram bilen bagly kemsitmäniň giňden ýaýrandygyny, onuň, esasanam, aýallara täsir edýändigini belleýär. Wanderbilt uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, semizlikden zyýan çekýän aýallar adaty agramly zenanlara garanda $5,25 az gazanýarlar.