24-nji maýdan başlap «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Delä (Hindistan) hepdede iki gezek — çarşenbe we penşenbe günleri uçuş eder. Häzirki wagtda Aşgabat-Deli aralygyndaky gatnawlar diňe her hepdäniň ýekşenbe güni amala aşyrylýar. Degişli gatnawlar üçin awiabiletler awiakompaniýanyň saýtynda satuwa çykdy. Bir tarapynyň awiabiletiniň bahasy — 5532 manat 70 teňňe. Aşgabat-Pekin-Aşgabat ugry boýunça gatnawlar welin, 3-nji iýuldan 28-nji oktýabr aralygynda hepdede iki gezege çenli (anna we ýekşenbe) azaldyldy. Öň, gatnawlar hepdede üç gezek ýerine ýetirilýärdi. Pekine gatnawlaryň bir tarapynyň bahasy 9047 manat. Goşmaça maglumatlary almak üçin: +99312391717 we 085.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir