Germaniýanyň Geýdelberg şäherinde 3D görnüşinde çap edilen maglumatlary işlemek boýunça merkeziň gurluşygy başlandy. Desganyň operatory bolan Heidelberg iT Management kompaniýasy munuň Ýewropada iň uly 3D çap edilen bina boljakdygyny nygtaýar diýip, ferra.ru habar berýär. Maglumatlary işleme merkeziniň şu ýylyň ahyryna çenli işläp başlamagyna garaşylýar. Gurluşyk prosesinde gaýtadan işlenilýän gurluşyk materiallary we Cobod BOD2 3D printeri ulanylýar. Diwarlar adaty sement bilen deňeşdirilende 55% az CO2 bölüp çykarýan 100% gaýtadan işlenýän betondan ýasalar. Diwar bezegini ýörite robot-suratkeş ýerine ýetirer. Baufeld 5 maglumatlary işleme merkezi azyndan 600 m2 meýdany eýelär we iýul aýynda tamamlanar.