3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistan boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri açýar. Serdar Berdimuhamedow ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde welosiped sportunyň tutuş dünýäde, aýratyn-da, ýurdumyzda meşhurlygynyň barha artýandygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.