Ilon Maskyň Neuralink neýrotehnologiki kompaniýasy eliň kömegi bolmazdan kompýuteri we telefony ulanmak üçin adam beýnisine çip ornaşdyrmak boýunça kliniki synaglary geçirmäge rugsat alandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär. “Biz ABŞ-nyň Iýmit önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline sanitar gözegçiligi boýunça edarasynyň adamlarda ilkinji kliniki synaglarymyza başlamaga rugsadyny alandygymyzy habar bermäge şat” – diýlip, kompaniýanyň Twitter sahypasynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar. Kliniki synaglara gatnaşmak üçin ýazylyşyk heniz açyk däl. Neuralink startapy 2016-njy ýylyň iýul aýynda Mask tarapyndan neýrointerfeýsleri işläp düzmek we çäklendirilmedik mukdarda elektrodlary beýnä doly awtomatik režimde ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän robotlary döretmek ugrundan öňdebaryjy hünärmenleriň tagallalaryny birleşdirmek üçin döredildi. 2021-nji ýylyň fewral aýynda Neuralink maýmynlarda çip synagyny geçirdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, çibe birikmek iPhone arkaly amala aşyrylýar. Hünärmenler neýron işjeňliginiň belli bir hereketler bilen baglanyşygyny öwrendiler we kesgitlediler, bu hem olara yzyna jogap gaýtarmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen, makaka joýstigiň kömegi bolmazdan ekrandaky kursory hereketlendirmek öwredildi.