Windows 11 operasion sistemasy üçin Moment 3 global täzelenmesi çykaryldy. Bu barada Windows blogynda aýdylýar diýip, day.az habar berýär. 22H2 Moment 3 apdeýti operasion sistema birnäçe täze funksiýalary goşýar. Aýratynam, korporasiýanyň inženerleri ulanyjy gurluşdan fiziki taýdan aýrylan ýagdaýynda kompýuteriň bloklanmak mümkinçiligini goşmak bilen gizlinlik sazlamalaryny kämilleşdirdiler. Şeýle-de, işleýän VPN ulgamynyň indikatory peýda boldy. Täzelenen “Pusk” menýusynda ulanyjylar öz akkauntlary barada maglumatlary görüp bilerler: şeýlelik bilen, operasion sistema ulanyjylara olaryň profil informasiýalarynyň täzelenmä mätäçdigini duýduryp biler. Kompaniýanyň programmistleriniň aýtmagyna görä, üçünji uly täzelenmede zyýanly programmalardan has ygtybarly gorag goşuldy. Şeýle-de, kompaniýanyň wekilleri energiýany az sarp etmek bilen gurluşda sesiň gowy hilini üpjün edýän Bluetooth Low Energy Audio goldawynyň peýda bolandygyny anons etdiler. Wijetler bölümi şahsylaşdyrylan lenta eýe boldy, 32 bit programmalary izolirlenen tertipde işletmek funksiýasy goşuldy, “janly subtitrler” aýratynlygy peýda boldy. Moment 3 – Microsoft-yň üçünji uly OS täzelenmesi. Windows 10-dan tapawutlylykda, täze nesliň operasion sistemasy ýylda bir gezek uly täzelenme alýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir