Şu ýylyň 4-nji awgustdan 14-nji awgusta aralygynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda türkmenistanly türgenler birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler. Türkmen türgenleri sportuň agyr atletika, sambo, karate, dzýudo, sport göreşi, boks, ýeňil atletika, ýüzmek we taý boksy ýaly görnüşleri boýunça çykyş ederler. Bu barada ORIENT agentligi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. Ýaryşlara alty müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar, olardan 4 müň türgen sportuň 20 görnüşinde medallar ugrunda bäsleşer, 900 tälimçi, 800 emin, 600 lukmançylyk işgäri we 200 wekiliýetleriň wekilleri gatnaşar. Sportuň köp görnüşlerinde ýaş atletler sylaglar ugrunda göreşerler, uly türgenler çeper gimnastikada, kenar futbolynda, samboda, agyr atletikada we otuň üstünde oýnalýan hokkeýde medallary gazanarlar. Şu günki güne çenli Oýunlara gatnaşýandyklaryny: Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Liwan, Malaýziýa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Eýran, Müsür tassykladylar. Şeýle hem Albaniýadan, Bahreýnden, Bolgariýadan, Braziliýadan we beýleki ýurtlardan bolan türgenleriň käbir görnüşlere gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir