TikTok sosial ulgamynyň eýesi bolan kompaniýa Tako atly emeli aň çat-botuny synagdan geçirip başlady. Bu barada penşenbe güni The Verge portaly habar berdi diýip, TASS belleýär. nuň maglumatlaryna görä, botuň esasy wezipesi - ulanyjylara isleglerine görä wideo hödürlemekdir, ýöne Tako başga-da köp soraglara jogap berip biler. Çat-boty döretmek üçin TikTok-yň haýsy emeli aň modelini ulanandygy belli däl. Watchful Technologies kompaniýasynyň hünärmeni Daniel Buçukyň sözlerine görä, giň gerimli işe başlandan soň Tako “gözleg we nawigasiýa ulgamlaryny düýpgöter üýtgedip biler”. TikTok-yň metbugat sekretary Zakary Kizer çat-botuň häzirlikçe demirgazyk amerikaly we ýewropaly ulanyjylar üçin elýeterli bolmadyk wagtlaýyn synag bolmagynda galýandygyny aýtdy. Kompaniýanyň Twitterinde ýerleşdirilen maglumata görä, täze funksiýa häzirlikçe diňe Filippinlerde bar. Aklawçy Joş Gerben TikTokuň ýaňy-ýakynda Tako atly "çat-bot programma üpjünçiligi"-ne haryt nyşanyny almak ýüz tutandygyny, bu önümiň resmi taýdan çykaryljakdygyny aňladýandygyny aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir