Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli kadalar hem-de görkezijiler esasynda Arkadag şäheriniň ýerli býujeti boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, şäheriň häkimligi hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüm birlikleri döredildi. Olaryň guramaçylykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Prezident Serdar Berdimuhamedowbu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp, ähli degişli görkezijileri yzygiderli hem-de içgin öwrenmek esasynda alnyp barylmalydygyny belledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.