Serdar Berdimuhamedow şu ýylda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda 2-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda galla oragyna başlamaga ak pata berdi. Bu barada anna güni Hökümet mejlisinde aýdyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly ýaşululardan galla oragyna «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. «Çäjiňize bereket, edermen gallaçy daýhanlar!» diýip, döwlet Baştutany ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir