Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa 2023-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada habar berdi. 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly medeni çäreleri we bäsleşikleri; 2-nji iýunda Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyryna gidýän çagalary ugratmak dabarasyny; 3-nji iýunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini; 5-nji iýunda welaýatlarda, Aşgabat şäherinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 12-nji iýunda Ylymlar güni mynasybetli dürli çäreleri we maslahatlary; 13 — 16-njy iýunda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Awaza — 2023” atly halkara tans we folklor festiwalyny; 22 — 27-nji iýunda Aşgabat şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny; 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.