Türkmenistanda 28-29-30-njy iýunda Gurban baýramy mynasybetli dürli medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň iýun aýynda geçiriljek esasy çäreler barada hasabatynyň çäklerinde habar berdi. Bellenilişi ýaly, öňümizdäki aýyň dowamynda tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dürli çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Serdar Berdimuhamedow çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.