Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) söweşijisi Hamzat Çimaýew özüniň YouTube kanalynda Kamaru Usman bilen söweşiniň Abu-Dabide geçiriljekdigini aýtdy. Muny gazeta.ru ýetirýär. Söweş 21-nji oktýabrda UFC 294 turnirinde geçirilip, ýarym orta agram kategoriýasynda bolar. Ýatlap geçsek, 11-nji sentýabra geçilýän gije Çimaýew Kewin Hollanda garşy soňky söweşini geçirdi. Ol diňe bir demikdiriji däl, eýsem agyryly emel ulanyp, birinji raundda amerikalydan üstün çykdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir