«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň ligasynyň dünýäniň saýlama ligalarynyň hataryna goşulyp biljekdigine ynanýar. “Men bagtly. Topar ajaýyp oýun görkezdi. 0:2-den soň ýeňiş gazanmak örän kyn, ýöne biz ahyryna çenli ynandyk we üç gol girizdik. Saud Arabystanynyň ligasy barha güýçlenýär, geljek ýyl ol hasam gowy bolar. Ädimme-ädim ol dünýäniň iň gowy bäş ligasynyň birine öwrüler. Ýöne wagt, oýunçylar, infrastruktura gerek. Şeýle-de bolsa, men bu ýurduň haýran galdyryjy potensialynyň bardygyna ynanýaryn, bu ýerde ajaýyp adamlar bar. Liga kämil bolar” – diýip, Ronaldu “Al-Şabab” bilen bolan oýundan soň aýtdy. Onuň sözlerini gazeta.ru ýetirýär. Ýatlap geçsek, “Al-Nasr” “Al-Şababy” 3:2 hasabynda utdy. Ronaldu duşuşygyň 59-njy minutynda ýeňiş goluny geçirdi. “Al-Nasr” liganyň ýaryş jedwelinde ikinji orunda gelýär, ol lider “Al-Ittihaddan” 3 utuk yza galýar. Häzirki möwsümde Ronaldu ähli ýaryşlarda 18 oýna gatnaşyp, 14 gol we iki netijeli geçirim bilen tapawutlandy.