Çarşenbe güni Florida ştatynyň gubernatory Ron Desantis 2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezidentligine dalaş etjekdigini aýtdy. “Men Amerikanyň beýik gaýdyp gelşine baştutanlyk etmek üçin prezidentlige dalaş edýärin " - diýip, ol Twitterde ýazdy. Desantis çarşenbe güni ABŞ-nyň geljek ýylyň noýabr aýynda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmak üçin resminamalaryny berdi. Degişli maglumatlar ABŞ-nyň Federal saýlaw toparynyň web sahypasynda çap edildi. 44 ýaşly Ron Desantis Respublikan partiýa wekilçilik edýär we öňki prezident Donald Trump bilen bilelikde prezidentlige dalaşgär görkezilmek üçin göreşer. Amerikan metbugatynyň aglabasynyň pikirine görä, gubernator respublikan lagerdäki Amerikanyň öňki lideriniň esasy bäsdeşi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir