Artykmaç pul çykdajy etmän, şol bir wagtda hem ýokary derejede toý-sadaka dabaralaryny geçirmek isleýänler üçin Aşgabatda «Bagt köşgünde» ýerleşýän «Älem» we «Çeşme» toý mekanlary amatly teklip hödürledi. Toý mekany toý etmek isleýän ýaş çatynjalara öňünden 50%-ini geçirip, galan 50%-ini garaşaryna, banksyz, girewsiz we hiç hili göterimsiz 24 aýa (iki ýyla) çenli bölüp bermegi teklip edýär. Mundan başga-da, toý mekany 36 aý (3 ýyl) möhlet bilen, bankdan resmileşdirmek arkaly karzyna toý edip bermek hyzmatynyň bardygyny hem ýatladýar. Toý mekanynda toý menýusy 130 manatdan başlanýar. Goşmaça şu sowgatlar hödürlenilýär: tort, zalyň bezegi, ýaşlaryň fotosuraty, bagşylar üçin ses we yşyk enjamlary, myhmanhana, bezegli gelin ulagy (Limuzin, Kabriolet). Sadaka menýusy 70 manatdan başlanýar. Goşmaça şu sowgatlar hödürlenilýär: zalyň bezegi, atgulak, ses we yşyk enjamlary. Tölegler ähli görnüşde kabul edilýär. Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 95-06-37; +993 62 27-61-61; +993 63 54-87-87