Atmosferadaky bug gazlarynyň artmagy we garaşylýan El-Ninýo hadysasy sebäpli, geljek bäş ýylda Ýer togalagynda temperatura rekord derejä çenli ýokarlanyp biler. Şeýle çaklama Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) täze býulleteninde (beýanatynda) getirilýär diýip, Meteožurnal neşiri habar berýär. Iň bärkisi, 2023-nji we 2027-nji ýyllar aralygyndaky ählumumy ýerüsti ýyllyk ortaça temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5° C-den ýokary, 66% bolmagy mümkin. Geljekki bäş ýylyň, iň bolmanda, biriniň we tutuş bäşýyllygyň gözegçilikleriň taryhynda iň yssy boljakdygynyň ähtimallygy 98%. WMO-nyň Baş sekretary Petteri Taalas: "Ýakyn aýlarda howanyň antropogen (adam) üýtgemegi bilen birlikde global temperaturany kesgitlenmedik çäklere çykarjak El-Ninýo gyzgynlygynyň bolmagyna garaşylýar" - diýdi. “Bu saglyga, azyk howpsuzlygyna, suw gorlarynyň dolanyşygyna we daşky gurşawa çakdanaşa täsirini ýetirer. Biz muňa taýyn bolmaly "- diýip, professor Taalas aýtdy.