Aşgabat şäher häkimligi «Parahat-7» ýaşaýyş toplumynda täze desgalaryň gurluşygyna başlaýar. Häkimlik bu ýerde 20-den gowrak dokuz gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebini we seýilgähi gurmagy meýilleşdirýär. Şäher häkimliginiň sargydy boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bu ýaşaýyş toplumynda şu aşakdaky desgalary we binalary gurmak boýunça bäsleşik yglan etdi. Ol «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde neşir edildi. Lot № 1 – Iki sany 9 gatly 54 öýli we dört sany 9 gatly 36öýli ýaşaýyş jaýy; Lot № 2 – Iki sany 9 gatly 54 öýli we dört sany 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýy; Lot № 3 – Dört sany 9 gatly 54 öýli we dört sany 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýy; Lot № 4 – 720 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebi; Lot № 5 – Seýilgäh. Gyzyklanma bildirýän taraplaryň arzalary we teklipleri bellenen tertipde 30-njy iýuna çenli kabul edilýär, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde bellige alynýar. Salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 84.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir