Bolgariýaly prozaik we şahyr Georgi Gospodinow “Time Shelter” (“Wagt gaçybatalgasy”) romany üçin iňlis dilindäki edebiýat pudagynda gowşurylýan Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Londonda geçirilen dabarada emin agzalarynyň başlygy, ýazyjy Leýla Slimani yglan etdi diýip, TASS habar berýär. 55 ýaşly ýazyjy baýragy almak bilen öz romanyny “ýat we wagt”, “nostalgiýanyň harbylaşdyrylmagy” baradaky eser diýip atlandyrdy. Kitabyň merkezinde Alsgeýmer keseli bolan hassalar üçin toslanyp tapylan klinika baradaky waka durýar. Lukmançylyk edarasynyň her bir gaty hassalary geçmişe gaýtaryp, geçen onýyllyklary jikme-jik gaýtadan döredýär. Ýöne palatalar geçen ýyllara has ynandyryjy meňzeş bolansoň, sagdyn adamlaryň köpüsi bu klinika gelip, ony “wagtlaýyn gaçybatalga” hökmünde kabul edip, onda häzirki ýagdaýdan gizlenmäge synanyşýarlar. Gospodinow bu baýragy 24-nji maýda, onuň gowy görýän baýramçylygynyň – slawýan ýazuwynyň gününiň bellenilýän güni alýandygyny belledi. Baýragyň eýesi baýrak hökmünde 50 müň funt sterling ($62 müň) alar. Düzgünlere görä, Gospodinow pul baýragyny kitaby iňlis diline terjime ediji bolup çykyş eden amerikaly Anjela Rodel bilen paýlaşmalydyr. Mundan öň bolgar dilinde ýazylan kitap Buker baýragyna dalaşgär görkezilmändi. Roman Gospodinowyň Beýik Britaniýada çap edilen ilkinji romany boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir