Stellantis konserniniň bir bölegi bolan Opel markasy täzelenen Corsa hetçbegini hödürledi. Stellantisiň metbugat gullugynyň habaryna görä, awtoulag täze yzky dizaýna, matrisa faralara we üýtgedilen interýere eýe boldy. Garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşmakdan saklaýan Corsa Matrix farasy, öňki sekiziň ýerine 14 sany LED ulanyp, täzelenen wersiýada has takyk işläp başlady. Elektrik gurluşlarynyň toplumy hem üýtgedi: täzelenen Corsa içinden ýandyrylýan hereketlendirijisine kömek edýän 48 woltlyk başlangyç generatorly hereketlendirijileri aldy. 100 we 136 at güýji bolan hereketlendirijiler täze goşa ssepleniýeli robotlaşdyrylan korobka bilen enjamlaşdyrylan. Şeýle hem, Corsa-nyň 136 we 156 at güýji bolan iki sany elektrik modifikasiýasy bar hem-de degişlilikde 357 we 402 km energiýa ätiýaçlygynyň bardygy yglan edildi.