Amerikanyň Hewlett-Packard (HP) kompaniýasy resmi programma üpjünçiliginiň täze wersiýasynda girizen üýtgeşmeleri sebäpli bütin dünýäde öz öndüren millionlarça printeriniň işlemegini bes edendigini boýun aldy. Bu barada BleepingComputer tarapyndan habar berildi. Ulanyjylar enjamlarynyň sensor ekranynda "83C0000B" ýalňyşlygy görkezýän gök ekranlaryň çykýandygyny habar berdiler. Mesele ABŞ-daky, Angliýadaky, Germaniýadaky, Niderlandlardaky, Awstraliýadaky, Polşadaky, Täze Zelandiýadaky we Fransiýadaky ulanyjylar tarapyndan tassyklandy. Netijede, printerler diňe bir maglumatlary görkezip bilmezlik bilen çäklenmän, hatda personal kompýuterden bir haty çykarmak barada buýruk berlende resminamalary hem çap edip bilmedi. Agzalan printerlere HP OfficeJet Pro 902x modelleri, şol sanda HP OfficeJet Pro 9022e, HP OfficeJet Pro 9025e, HP OfficeJet Pro 9020e All-in-One, HP OfficeJet Pro 9025e All-in-One modelleri degişli. Kompaniýa HP-iň bu meselä taýyn çözgüdiniň ýokdugyny boýun aldy. Netijede, ulanyjylar printerleri internet birikmesinden tiz wagtda aýyrmaga çagyryldy, sebäbi bu mesele tordan awtomatiki gurnalýan resmi täzelenme bilen baglanyşykly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir