Çehiýanyň ýaşaýjysy kese plankada 9,5 sagatlap saklanyp, dünýä rekordyny täzeledi diýip, UPI ýazýar. Ýozef Şalek plankada dokuz sagat 38 minut 47 sekuntlap durmak bilen, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ozal bu ugurda rekord eýesi awstraliýaly Daniel Skali bolup, onuň wagty çehiýaly dalaşgäriňkiden sekiz minut az. Boş wagtlarynda Şalek mugallym we şahsy ösüş boýunça tälimçisi bolup işleýär. Ol durmuşyny üýtgetmek kararyna geleninden bäş ýyl soň rekord goýandygyny aýtdy. “Bäş ýyl ozal 15 kg artyk agramym bardy, alkogoly we çilimi gowy görýärdim. Ýöne durmuşymy üýtgeden belli bir pursat meni bu özgerişlige alyp bardy "- diýip, Ýozef düşündirýär.