Hytaýyň soňky imperatory Pu I-e degişli Patek Philippe şweýsar markasynyň Reference 96 Quantieme Lune goşar sagady Gonkongdaky Phillips auksion öýi tarapyndan 6,2 million dollara satyldy. Bu barada CNN habar berýär. Siferblaty arap sanly 31 mm-lik platina sagat al reňkli altyn sagatbagy we Aý fazasyny kesgitleýiş funksiýasy bilen tapawutlanýar. Sagat mehanizminiň käbir bölekleri 1929-njy ýyla degişli, ýöne Patek Philippe modelini 1937-nji ýyla çenli satmandyr. Bu sagadyň 86 ýyllyk taryhy seýrek modele artykmaçlyk berýär - dünýäde şeýle modeliň bary-ýogy sekiz sanysy galypdyr. Pu Iniň bu sagady nädip satyn alandygy belli bolmasa-da, Pariždäki kaşaň sagat butikinde olaryň ilkinji gezek satylandygy barada ýazgylar bar. Phillips auksion öýüniň metbugat beýanatyna görä, sagadyň taryhyny yzarlamak üçin onuň hünärmenlerine üç ýyl gerek bolupdyr.