Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy täzelenen krossower Touareg-i hödürledi. Bu barada motor1.com habar berýär. Täzelenen awtoulagda biri-biri bilen birleşdirilen IQ.Light HD matrisa faralary bar. Awtoulagyň arka tarapy ýalpyldawuk Volkswagen logotipi bilen bezeldi. Yzky yşyklaryň görnüşi hem birneme üýtgedi. Mundan başga-da, modeliň podweskasy täzelendi we standart toplumynda bolsa sanly gural paneli we Discover Pro Max-yň maglumat-güýmenje ulgamynyň ekrany peýda boldy. Klassiki turbo görnüşli benzinli hereketlendirijiden başga-da, alyjylar iki sany turbodizel hereketlendirijisini we iki sany geçirilýän gibridi saýlarlar. Tizligi geçiriş karobkasy - sekiz tizlikli awtomat. 4Motion doly priwodly ulgam hem göz öňünde tutulan. Model ýylynyň täzelenen Volkswagen Touareg 2024 ulagynyň satuwy 25-nji maýda başlar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir