Fransuz futbolçysy Kilian Mbappe «Pari Sen-Žermendäki» geljegi babatda belli karara geldi. Bu barada L'Equipe habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, hüjümçi Parižiň kluby bilen şertnamany 2025-nji ýyla çenli uzaltmak mümkinçiligini işjeňleşdirmekçi däl. Şeýlelik bilen, 24 ýaşly oýunçy 2023-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli pursatdan peýdalanmasa, 2024-nji ýylyň tomsunda ol erkin agent bolar. Şol bir wagtyň özünde, eger oýunçy şertnamany uzaltmasa, toparyň Mbappeni transfer etmejekdigi bellendi. 2022-nji ýylyň dekabrynda Mbappe-niň «PSŽ-den» gitmek isleýändigi barada maglumatlar peýda boldy. Hüjümçi, aýlyk haky azalsa-da, Fransiýadan gidip, has güýçli çempionata geçmek isleýändigini aýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir