Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Hindistanda AYUSH dersleri boýunça bilim almak üçin talyp hakly maksatnamanyň açylandygyny habar berdi. Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda bakalawr, aspirantura we doktorantura boýunça dereje almaga mümkinçilik teklip edilýär. Hindistanyň Hökümetiniň AYUSH ministrligi şular ýaly dersleri hödürleýär: aýurweda, ýoga, naturopatiýa, unani, siddha we gomeopatiýa. Däp bolan lukmançylyk ulgamyny öwrenmek we ýaýratmak bilimlerini ösdürmek bilen meşgullanýan AYUSH ministrligi türkmen ýaşlaryny seçip almakdan geçip, talyp hakyny almaga çagyrýar. Taly haky okuw töleglerine, ýaşaýyş zerurlyklaryna, garaşylmadyk çykdajylara, dissertasiýa we awiabilet çykdajylaryna ýeter. Arzalar 2023-nji ýylyň 31-nji maýyna çenli kabul edilýär. Doly maglumat bilen tanyşmak üçin şu salga basyň.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir