Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) Türkmenistanda zehinleri ösdürmek taslamasyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada şenbe güni Türkmenistanyň Futbol federasiýasy (TFF) FIFA-nyň sebitleýin tehniki geňeşçisi Gaýoz Darsadzeniň ýurda eden saparyndan soň habar berdi. "Iki günlük iş sapary wagtynda FIFA-nyň tehniki geňeşçisi Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylygy we TFF-niň tehniki bölüminiň hünärmenleri bilen 2023-2026-njy ýyllar aralygyndaky zehinleri ösdürmek taslamasyny ara alyp maslahatlaşdy" - diýlip habarda aýdylýar. Belläp geçsek, 5-nji maýda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino Merkezi Aziýa saparynyň çäginde ilkinji gezek Türkmenistana bardy. Ol gurulýan Arkadag şäherinde FIFA-nyň okuw-usulyýet merkezini döretmek üçin ýurduň ýolbaşçylary bilen ylalaşdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir