Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prokuraturasy zähmet haklary bilen bagly aldaw sebäpli Turiniň “Ýuwentusyna”garşy aýyplama ýükledi. Bu barada “La Republica” habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär. Prokuraturanyň habaryna görä, “Ýuwentus” 2019/20-möwsüminde koronawirus pandemiýasy wagtynda klub gaznasy bilen bikanun “aýlyk hilesini” gurady. Kazyýet işi iýun aýyna meýilleşdirildi. Ýatlap geçsek, ýanwar aýynda “Ýuwentusa” maliýe aldawlary sebäpli Italiýanyň çempionatynda 15 utuk jerime salyndy. “Ýuwentusyň” kapitaly ýokarlandyrmak üçin toparyň oýunçylarynyň transfer bahasyny artdyrmak bilen meşgullanandygy anyklandy. Soňrak Italiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Sport kepillikleri geňeşi klubuň şikaýatyny bölekleýin kabul etdi we işi kazyýetiň ýokary instansiýasyna garamaga geçirdi. “Ýuwentusa” A seriýanyň ýaryş jedwelinde 15 utuk wagtlaýyn gaýtarylyp berildi. Soňrak Italiýanyň Futbol Federasiýasynyň prokuraturasynyň täze subutnamalary alandan soň işi gaýtadan dikeltmäge we çempionatda “Ýuwentusdan” dokuz utugy aýyrmaga doly hukugynyň bolandygy barada maglumatlar peýda boldy.