ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň alymlary gözlegleriň netijesi boýunça, Nýu-Ýorkdaky başy gökdirän binalaryň şäheri suwuň astyna gidirýändigini aýtdylar. Bu barada Trend habar berýär. Şäherdäki binalaryň umumy agramy, takmynan, 770 mln tonna barabar. Şol bir wagtyň özünde, her ýyl Nýu-Ýork bu agram sebäpli 1-2 mm çökýär. Alymlaryň maglumatlaryna görä, ýuwaş-ýuwaşdan suwa basdyrmaklyk şäheri tebigy betbagtçylyklara garşy ejiz edýär. Aýratynam, Bruklin, Kuins we Aşaky Manhetten howp astyndadyr. “Bu ýerde deňiz derejesiniň ýokarlanmak howpy Demirgazyk Amerikanyň Atlantik kenarýakasyndaky dünýä boýunça ortaça görkezijiden üç-dört esse ýokarydyr” – diýip, gözlegiň awtory, geolog Tom Parsons belledi.