Meta kompaniýasynyň başlygy Mark Sukerbergiň baýlygy 2023-nji ýylda 44 milliard dollar artdy, bu milliarderleriň arasynda maýanyň iň çalt ösüşi boldy. Bu barada Bloomberg habar berýär. "Mark Sukerbergiň baýlygy şu ýyl 44 milliard dollar artdy. Bu üstümizdäki ýylda beýleki milliarderleriň arasynda iň çalt ösüş boldy" diýip, tekstde bellenýär. Telekeçi 2022-nji ýylda, meta äleminde agalyk etmek üçin, "näçe çykdaja durýanam bolsa” ony gurmaga ünsüni jemledi. Agentligiň habaryna görä, belli bir döwürde şeýle maýa goýumlary sebäpli onuň maýasy 100 milliard dollar azalypdy.