Hytaý ilkinji gezek Nature Index ýokary hilli tebigy ylmy žurnallar toparynda neşir edilen gözleg makalalaryna goşant goşmakda Birleşen Ştatlardan öňe geçip, birinji belgili boldy. Bu barada forbes.kz habar berýär. Nature Index tarapyndan yzarlanan 82 žurnaldan awtorlaryň degişlilik maglumatlary 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan dekabr aýy aralygynda Hytaýyň paýynyň ABŞ-daky 17 610 bilen deňeşdirilende, 19 373-e deň bolandygyny görkezýär. Ýurduň paýy Nature Index žurnallarynda neşir edilen her bir makalada şol ýurtdan awtorlaryň göterimini göz öňünde tutýar; doly derejede Hytaýdan bolan gözlegçiler tarapyndan neşir edilen makala Hytaýa bir bal berýär. Nature Index 2014-nji ýylda ilkinji gezek hödürleneni bäri, Hytaýyň paýy çalt depginde ösdi we 2021-nji ýylda Hytaý fiziki ylymlar we himiýa pudagynda öňdebaryjy ýurda öwrüldi. 2022-nji ýylda Hytaý Ýer we daşky gurşaw baradaky ylymlarda-da ilkinji gezek Birleşen Ştatlardan öňe geçdi. Şeýlelik bilen, ol indi diňe tebigy ylymlaryň bir kategoriýasynda – durmuş baradaky ylymlarda yza galýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir